SIRIYA TURKMENLERI

2012-02-22 01:15:00
 
Siriýa Türkmenleri
 
Sözbaşy
Hormatly okyjylar,awtorlar kollektiwiniň zähmetiniň miwesi bolan eliňizdäki kitapça köki çuňdan gaýdýan  türkmen halky,ykbalyň oýny bilen  duz-nesibesi dürli ýurtlara çekip,şol ýurtlarda mekan tutunan türkmenler,olaryň ýaşaýyş,durmuş şertleri hakynda size umumy düşünje bermek maksady bilen ýazdylar.
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzan baý taryhy bar.Onuň akyl-payhasy,guwanjy-buysanjy,hasraty bir söz bilen aýdylanda, halkyň ykbaly şol taryhyň gatlarynda ýatyr.Emma,dürli sebäplere görä,şol taryh ýoýulup,tanalmaz ýaly derejä ýetirilipdir.Bu keselden saplanmak üçin türkmeniň taryhyny dikeltmeli,ony özüne gaýtaryp bermeli.
Türkmeniň hakyky taryhyny dikeltmek,halkyň milli duygysyny galkyndyrmak,ruhuny täzelendirmek juda hysyrdyly işdir.Türkmen halkynyň geçen menzillerinde ,gör,näçe açylman ýatan syrlar kä halatlarda bolsa yörite, bilkastlaýyn bulaşdyrylan meseleler bar?!Şol syrlary açmak, meseleleri ň jogabyny agtarmak,olary çözmek taryhçy alymlarymyzyň öňünde duran mukaddes borçdur.
 
 
Siriýa Türkmenleri
Türkmenleriň we olar bilen goňşy halklaryň arasynda Siriýa Şam,onuň paýtagty Damask bolsa Dymşyk ady bilen bellidir.Siriýanyň esasy ilaty araplar bolup (90%),bu    ýerde milli azlyklaryň wekillerinden  türkmenler (3,5 milloň)  kürtler(1milloň), çerkesler (50 müň), we başgalar ýaşaýarlar.Milli azlyklaryň biri hem türkmenlerdir.Olar Siriýa we beýleki arap ýurtlaryna VIII asyrda düşüpdirler.Birneme gijräk bu ýerde türkmenler-oguzlar peýda bolupdyrlar.XI asyr arap geography ibn Hordadbek Bagdada arap halyfyna peşgeş hökmünde 2 müň oguz gullarynyň iberilendigini habar berýär.1993-nji ýylda çykan “Daşary Gündogaryň türkmenleri” atly kitabyň “Siriýa türkmenleri” bölüminde habar berlişine görä,türkmenler Siriýa Seljuklaryň agalyk eden döwri bolan XI-XII asyrlarda gelipdirler.Beýik Seljuk adyny alan Togrul begden (1038-1063) BAŞYNY ALYP GAÝDÝAN,Horasanda emele gelen Seljuk döwletiniň soňraky häkimleri Beýik Seljugyň Günbatara hereketini dowam etdirdiler.Hut Togrul begiň döwrýnde Yrak basylyp alynýar.(Togrul beg 1055-nji ýylda Bagdady eýeleýär).Oňa musulman dünýäsinde dünýewi häkimiýetiň dolulygy bilen berilýändigini aňladýan Soltan tituly berilýär.
Togrul begiň mirasdüşerleri bolan agasy Çagryl begiň ogly bolan Alp Arslanyň (1063-1072) we onuň ogly Mälik şanyň (1072-1092) döwründe Seljuk türkmenleriniň ýörişleri dowam etdirilipdir.Alp Arslanyň Malazgirtiň (Wan kölünüň demirgazygynda) ýanynda 1071-nji ýylda bolan söweşde Wizantiýa imperatorunyň üstinden gazanan ýeňşi (şol söweşde imperator Roman VI Diogen ýesir düşýär) seljuklaryň we oguz-türkmen taýpalarynyň arap ýurtlaryna  hususan-da Siriýa bolan täsiriniň belli-külli artmagyna ýardam edipdir.Eýýäm Mälik şanyň döwründe Seljuk döwleti uly territoriýa eýelik edipdir-ol Kaşgardan başlap Ortaýer deňizine,Kawkaz daglaryndan Arabystana çenli bolan ýerleri öz içine alypdyr.
Bu territoriýa arap ýerlerinden Ýemen we Siriýa giripdir.Siriýada ilkinji türkmen emirligi döredilip,onuň başynda Alp Arslanyň serkerdelerinden biri Atsyz ibn Çuwak durupdyr.Ol Al-Ramla,Ierusalim we beýleki şäherleri özüne boýun egdiripdir.1076-njy ýylda Atsyz Damasky eýeläpdir,iki ýyldan soň ol Alp Arslanyň ogly Tutuşyň eline geçýär.1094-nji ýylda Tutuş Halebiň (Halabyň)etrabynda iri (merkezi şu şäher bolan) seljuk mülkleriniň birini döredýär.Soňra bu mülki onuň ogly Ridwan (1095-1113) dolandyrypdyr.Tutuşyň ikinji ogly Dawuk Damaskda häkimlik edipdir.Günbatarly awtorlaryň şaýatlyk etmegine görä,Siriýanyň türkmen häkimiýetiniň geneologiýasy Ridwanyň ogullary Alp Arslanyň (1113-1114) we Soltan şanyň (1114-1117) dolandyrmagy bilen tamamlanypdyr.
Siriýada seljuklaryň-türkmenleriň pugtalanmak döwri Siriýanyň kenarýaka etrapçalaryna haçly ýöreýşleriň başlanmagy bilen gabat gelýär.Ilkinji gezek haçgöterijiler bilen söweşe 1096-njy ýylda Alp Arslanyň dogan oglany Gutulmyşyň ogly Gylyç Arslan girişýär.Siriýanyň demirgazygynda Ridwan haçgöterijileriň hüjümini ençeme gezek serpikdiripdir.Haçgöterijeler bilen söweşenleriň biri-deseljuk goşunyndaky türkmen serkerdesi Il-Gazy-Ibn-Artykdyr.Ol soňra Artyklaryň dinastiýasyny(emirligini) döredipdir.Onuň paýtagty Mardin bolupdyr.
 
DR.MUKHTAR  FATIH   MOHAMED
 

114
0
0
Yorum Yaz