Siriýa türkmenleri

2014-04-20 13:04:00
Siriýa Türkmenleri Häzirki wagtda Siriýada hem 3,5 mlna ýakyn türkmen ýaşaýar. Esad maşgalasynyň alyp barýan arap sosializmi sebäpli türkmen dilini ulandyranoklar we köp ýerlerde ene dili unudylýar hem. Golan depelerindäki türkmenleriň ýagdaýy bolsa has hem agyr. Ol ýerleri Izrail gandöküşükli ýagdaýda basyp aldy. Şu wagt bilşimiz ýaly Siriýada içeri uruş dowam edýär. Türkmenler ol ýerde öz garaşsyz goşunlaryny döredip ( öz türkmen baýdaklary hem bar) Erkin Siriýa goşunynyň hatarynda söweşýärler. We Siriýa türkmenlerine uly güýç, belkide Siriýanyň ykbalyny üýtgedip biljek uly güýç hökmünde seredilýär. Ýöne bombalan türkmen obalarynda şeýle hem uruşlarda ölen, şehit bolan türkmenleriň sany bu güne çenli müňlerçe. ...


Kaynak : mukhtarfatih.blogcu.com

19
0
0
Yorum Yaz