Siriýa Türkmenleri

2011-08-02 09:17:00

  Siriýa  Türkmenleri   Siriyada maglumatlara göra 3 milliondan gowrak; ya-da 4 milliona golay türkmen yaşayar. Olary hem ika bölünyar. Yagny dilini goranlar we assimilasiya edilenler. Türkmenlerin dine 1,5 milliony öz dilini gorap bilipdirler, hat-da goramakda has öte geçipdirler. Yagny şu 1,5 millionun aglabasy döwlet dili bolan arapça bilmeyandikleri sebapli uniwersitet, mekdeplerde okap bilmeyarler, döwlet edaralarynda hem işlap bilmeyarler. Assimilasiya edilenler bolsa araplaryn arasynda erap gidipdirler. Olar özlerine türkmen diyyan-de bolsa türkmençe gürlap bilmeyarler. Gynandyryjy tarapy bolsa kabirleri özlerine ''türkmen'' hem diymek islemeyar. Meselem syyahatçy zhurnalistlerden birinin aytmagyna göra türkmen ene-ata çagasynyn türkmençe bilman yetişmegi üçin elinde baryny edyan eken. Çünki Siriyada türkmen bolmak birgiden hak-hukukdan mahrum bolmak bilen barabar. Kyn. Ynha türkmen çagalary/Lazzikiya Kabir maglumatlarda ''Siriyada 1,5 million türkmen yaşayar'' diyip geçyar. Bu maglumatlar özlügini goran türkmenlerin sanyna esaslanyp aydylyar. Yokarda 3 we 1,5 million diylen maglumat bar. Bayyr-Bujagyn bilim boyunça başlygy Nihat Garaalynyn aytmagyna göra siriyaly türkmenlerin sanyny dine Siriya hökümeti bilyar we gizlin saklayar. Türkiye çeşmeleri 1,5 million diyip habar berse; siriyalylar öz sanlarynyn 4 million adama golaydygyny aydyarlar. Haysy maglumat dogry? Garaaly 4 milliona golay türkmenin bardygyny emma olaryn aglabasynyn dilini we medeniyetini unudyp araplaşandygyny aydyar. Olar hiç hili türkmençe gürlap bilmeselerem özlerine türkmen diyyan ekenler. Türkmenlerin sos... Devamı

Türkmenistanly futbolçylar Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen oýn

2011-08-01 22:59:00

  Türkmen futbolçylary Siriýanyň komandasy bilen oýnar Aziýanyň XXX Olimpiýa oýunlarynyň saýlantgy ýaryşynyň ikinji tapgyrynda türkmenistanly futbolçylar Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen oýnar. Aziýanyň XXX Olimpiýa oýunlarynyň saýlantgy ýaryşynyň ikinji tapgyrynda türkmenistanly futbolçylar Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen oýnar. Malaýziýanyň paýtagtynda ýerleşýän Aziýa futbol konfederasiýasynyň baş edarasynda 30-njy martda geçirilen bije atyşlygyň netijesi şeýle. Siriýaly futbolçylar bilen türkmenistanlylar diňe milli we ýaşlaryň ýygyndy komandalarynyň derejesinde duşuşypdy. Türkmenistanly futbolçylar 2003-nji ýylda Aleppo şäherinde 1:1 hasabynda oýny tamamlapdy, 2007-nji ýylda Dohada siriýalylardan 3:0 hasabynda utulypdy. Olimpiýada-2012-niň birinji tapgyrynda türkmenistanly futbolçylar Indoneziýanyň komandasyny garşydaşynyň meýdanynda 3:1, Aşgabatda 1:0 hasabynda iki gezek utupdy. Devamı